1882-nji ýylda Türkmenistanyň çägindäki Aşgabat şäherinde Eýrandan göçüp gelen ilkinji bahailar mesgen tutdylar. Bahai Dinini Esaslandyryjy Pygamber Hezreti Bahaullanyň hut Özi göçüp barmak üçin saýlanan ýeri makullady. 1890-njy ýyla çenli göçüp gelenleriň sany müň adama ýetdi — bu ýaş Aşgabadyň ilatynyň takmynan 10 göterimidi.
1895-nji ýylda Aşgabatda Diniň şäher derejesindäki edara ediş edarasy bolan ilkinji Ýerli Ruhy Ýygnagyň saýlawlary geçirildi. Jemgyýet Aziýada ilkinji bolan «Gündogaryň Güneşi» žurnalyny neşir etdi. Dürli dinlere uýýan adamlaryň arasynda özara düşünişmegi ýola goýmaga, olaryň işjeňligini jemgyýetçilik we ynsanperwerlik işlerine gönükdirmäge tagalla edýän bahai ýaşlar toparlary döredildi. Beýleki bahai merkezlerinde bolşy ýaly, Aşgabatdaky ýygnaklarda-da dürli milletleriň wekilleri açyk dini söhbetdeşliklere gatnaşyp bilýärdiler. Bahailaryň agzybirlige bolan ymtylmasy ýaşaýan jemgyýetiniň däp-dessurlaryna uly hormat goýmaklarynda we ýerli ilat bilen hoşniýetli gatnaşyklary saklamaklarynda hem aýdyň ýüze çykýardy.
Aşgabadyň jemgyýeti şeýle bir üstünlikli ösdi welin, tiz wagtdan bahai ylmy pikir merkezleriniň birine öwrüldi. Onuň agzalarynyň arasynda köp sanly görnükli adamlar, şol sanda 1889-njy ýyldan 1894-nji ýyla çenli Aşgabatda ýaşap geçen meşhur alym Mirza Abul-Fazl Gulpaýgani hem bardy.
1902-nji ýylda Abdul-Baha Aşgabatda Ybadat Öýüni gurmak barada görkezme berdi. Eýýäm XIX asyryň 80-nji ýyllarynda bahailar Ybadat Öýüniň gurluşygy üçin ýer bölegini satyn alypdylar. Abdul-Baha taslamany tassyklady, onuň tehniki çyzgylary bolsa rus binagäri Wolkow tarapyndan ýerine ýetirildi. Işler gutarmazyndan has öň, 1907-nji ýyldan başlap ybadathanada her hepdede doga-dilegler okalýardy we bahai baýramçylyklary bellenilýärdi.
Möhüm seneler
XX asyryň 20-nji ýyllarynyň başyna çenli Aşgabadyň bahai jemgyýeti sosial ösüşiň ýokary derejesine ýetdi. 1918-nji ýyla çenli Aşgabatda dünýäde ilkinji Bahai Ybadat Öýüniň gurluşygy tamamlandy. Jemgyýetiň eýeçiliginde şeýle hem ýygnaklar zaly, zyýaratçylar üçin jaý, hassahana, gonamçylyk, kitaphana we okalga otagy bardy; oglanlar we gyzlar üçin iki mekdep hem-de iki sany çagalar bagy hereket edýärdi.
Dürli dini ynanja eýerýän çagalar üçin açyk bolan bahai mekdepleri, gyzlara we oglanlara deň derejede bilim almaga mümkinçilik berýärdi, bu bolsa sebitdäki umumy bilim derejesini ep-esli ýokarlandyrýardy. Şol döwürde sowatly erkekler ýerli ilatyň bary-ýogy on bäş göterimini düzýärdi, aýallaryň arasynda bolsa okap we ýazyp bilýänler ýok diýen ýalydy. Muňa garamazdan bahai jemgyýeti ähli agzalarynyň deň derejede sowatly bolmagyny gazandy.
Sowet häkimiýetiniň Merkezi Aziýa gelen ilkinji ýyllarynda bahailar erkinlikden peýdalandylar. Ýöne birnäçe ýyldan soň, beýleki dinlere uýýanlar ýaly, bahailar hem kommunistik hökümet tarapyndan yzarlanmalara sezewar boldylar we birnäçe onýyllygyň dowamynda Türkmenistanyň çägindäki bahai jemgyýetiniň öz işini amala aşyrmaga mümkinçiligi bolmady.
Aşgabatdaky Ybadat Öýi 1938-nji ýylda häkimiýet tarapyndan eýelenildi. 1963-nji ýylda ol ýykyldy. Türkmenistanyň bahai jemgyýeti 1990-njy ýyllaryň başyndan resmi taýdan bellige alynmagy bilen, ýaňadan öz işini amala aşyrmaga mümkinçilik aldy.