Biz Barada
Bahai Jemgyýeti Näme?
Türkmenistanyň bahai jemgyýeti — Hezreti Bahaullanyň adamzadyň birligi baradaky görüşinden ruhlanan we maşgaladan başlap has giň jemgyýete çenli ähli derejelerde bu birlige ýetmegi öwrenýän Türkmenistanyň raýatlarynyň jemgyýetidir.
Biz jemgyýetdäki birlik, onuň maddy we ruhy ösüşi jemgyýetiň her bir agzasynyň aňly goşandyna baglydyr diýen gözýetime eýerýäris. Şol sebäpli jemgyýetde birlik baradaky düşünjäni durmuşa geçirmek üçin biz dostlarymyz we goňşularymyz bilen bilelikde zähmet çekýäris.
Bahai jemgyýetiniň düzümi Türkmenistanyň ilatynyň taryhy dürlüligini görkezýär we dürli medeniýetleriň we nesilleriň wekillerini öz içine alýar. Olaryň maksady — öz ýurdunyň bähbidine gulluk etmek, onuň özgermegine we gülläp ösmegine ýardam bermekdir.
Bölümler
Has Giňişleýin Öwreniň
Türkmenistanda Bahai Dininiň Taryhy
1882-nji ýyldan bäri dowam edýän baý taryh. Dünýäde ilkinji Bahai Ybadat Öýi, mekdepler we şol döwrüň çuňňur mirasy.
Giňişleýin 🌱Bahai Jemgyýeti Bu Gün
Bahai Dini ilkinji gezek Türkmenistanda geçen asyryň sepgidinde ornaşdy. Häzirki gün has köp adam ylham tapýar.
Giňişleýin ✨Jemgyýetiň Tagallalary
Birlik, ruhy we maddy ösüş — Türkmenistanyň bahailarynyň durmuşa geçirmäge çalyşýan geljegi.
Giňişleýin
Taryh
Türkmenistanda Bahai Dininiň Taryhy
1882-nji ýylda Türkmenistanyň çägindäki Aşgabat şäherinde Eýrandan göçüp gelen ilkinji bahailar mesgen tutdylar. Bahai Dinini Esaslandyryjy Pygamber Hezreti Bahaullanyň hut Özi göçüp barmak üçin saýlanan ýeri makullady. 1890-njy ýyla çenli göçüp gelenleriň sany müň adama ýetdi — bu ýaş Aşgabadyň ilatynyň takmynan 10 göterimidi.
Häzirki Gün
Bahai Jemgyýeti Bu Gün
Bahai Dini ilkinji gezek Türkmenistanda geçen asyryň sepgidinde ornaşdy. Häzirki gün tutuş ýurt boýunça köpelýän adamlaryň sany Hezreti Bahaullanyň taglymatynda ylham we ýolbaşçylyk tapýar. Bahai jemgyýetiniň agzalary jemgyýetiň gülläp ösmegine we özgermegine ýardam bermek üçin dostlary we goňşulary bilen bilelikde zähmet çekýärler.