Bahai Dini ilkinji gezek Türkmenistanda geçen asyryň sepgidinde ornaşdy. Bu gün tutuş ýurt boýunça köpelýän adamlaryň sany Hezreti Bahaullanyň taglymatynda ylham we ýolbaşçylyk tapýar. Bahai jemgyýetiniň agzalary jemgyýetiň gülläp ösmegine we özgermegine ýardam bermek üçin öz dostlary we goňşulary bilen bilelikde zähmet çekýärler.
Bu maksat bilen olar bilelikde Hezreti Bahaullanyň Wahyýni öwrenýärler, jemgyýetiň abadanlygyna goşant goşmaga mümkinçilik berjek bilimi, ruhy düşünjäni we başarnyklary ösdürmäge çalyşýarlar. Olar dürli ruhy we jemgyýetçilik temalaryna degişli düşünjeleri ara alyp maslahatlaşýarlar we olaryň gündelik durmuşdaky ulanylyşyny öwrenýärler. Olar ynsanperwer umumydini we umumyadamzat ýörelgelerine daýanyp, öz töwereginde we tutuş jemgyýetde agzybirlige we sazlaşyga ýardam bermäge öz güýçlerini gönükdirýärler.
Netijede, olar durmuşyň maksadyna we manysyna täzeçe düşünýärler, maşgalada we dostlar bilen gatnaşyklaryň gowulaşandygyny duýýarlar hem-de her biriniň giň jemgyýete goşup biljek goşandyny netijeli täzeden göz öňüne getirýärler.
Bu tagallalaryň hemmesi adamzadyň birligi, ählumumy bilimiň zerurlygy, ylym bilen diniň sazlaşygy, aýal-gyzlar bilen erkekleriň deňhukuklylygy we her dürli yrym-ynançlary hem-de öňden gelýän ýigrençleri ýok etmek ýaly ýörelgelerden ylham alýar.
«Adamzadyň abadançylygy, parahatçylygy we howpsuzlygy diňe onuň agzybirligi berkarar bolanda gazanylar.»
— Hezreti Bahaulla