Tagallalar

Türkmenistanyň Bahai Jemgyýetiniň
Tagallalary

Türkmenistanyň bahailary Abdul-Bahanyň aşakdaky sözlerinde beýan edilişi ýaly, öz ýurdunyň agzybirligine, ruhy we maddy taýdan ösüşine ýardam bermegi özleriniň maksady hasaplaýarlar:

«Maşgalada agzybirlik höküm sürse, işleriň nähili aňsat gidýändigine üns beriň; bu maşgalanyň agzalary nähili üstünlikleri gazanýarlar, durmuşda nähili gülläp ösýärler. Olaryň işleri doly düzgün-tertipde, olar rahatlykdan we asudalykdan lezzet alýarlar, olar howpsuzlykda, olaryň ýagdaýy ygtybarly we töweregindäkileriň hemmesi olara gözi gidýär. Şeýle maşgala günden-güne has hem gülläp ösýär we onuň ebedi şöhraty berkleşýär.

A eger biz agzybirligiň çägini biraz giňeldip, dostluga we ylalaşyga ymtylýan hem-de biri-biri bilen hoşniýetli gatnaşyklary saklaýan obanyň ýaşaýjylaryny öz içine alsak, olaryň nähili ajaýyp üstünlikleri gazanýandygyny, näderejede goralandygyny we howpsuzlykda bolýandygyny göreris.

Soňra, geliň, bu agzybirlik çägini ýene-de biraz giňeldeliň we şäher ýaşaýjylaryny alalyň: eger olaryň arasynda iň berk ylalaşyk gatnaşyklary ýola goýulsa, hatda gysga wagtyň içinde olar nähili uzaklara giderler — we nähili güýç görkezerler!

Eger-de agzybirligiň çägi has-da giňelse, eger ýurduň ähli raýatlary ýüreklerini parahatçylyga gönükdirseler, eger olar ak ýürekden we tüýs ýürekden biri-birine kömek etmek hem-de ylalaşykda ýaşamak isleseler, eger olaryň arasynda hoşniýetlilik we özara söýgi ornaşsa, bu ýurt ebedi şatlygyň mesgenine we baky şöhrata eýe bolar. Onda parahatçylyk höküm sürer, bolçulyk we beýik rowaçlyk geler.»

— Abdul-Baha
↑