Abdul-Bahanyň aşakdaky sözlerinde beýan edilişi ýaly, Tükmenistanyň bahailary öz ýaşaýan ýurdynyň birligine, ahlak we maddy taýdan ösmegine ýardam bermekligi öz maksatlary hasaplaýarlar:
“Maşgalada agzybirlik höküm sürse, işleriň nähili aňsat gidýändigine üns beriň; bu maşgalanyň agzalary nähili üstünlikleri gazanýarlar, durmuşda nähili gülläp ösýärler. Olaryň işleri doly düzgün-tertipli, olar rahatlykdan we asudalykdan lezzet alýarlar, olar howpsuzlykda, olaryň ýagdaýy ygtybarly we töweregindäkileriň hemmesi olara gözi gidýär. Şeýle maşgala günsaýyn gülläp ösýär we onuň baky şöhraty güýçlenýär.
Eger-de biz bu agzybirligiň çägini birneme giňeltsek we oňa dostlyga hem ylalaşyga ýetmäge çalyşýan we biri-biri bilen gowy gatnaşyklary saklaýan obanyň ýaşaýjylaryny goşsak, onda, olaryň nähili ajaýyp üstünlikleri gazanýandygyny, näderejede goralandygyny we howpsuzdygyny göreris.
Geliň, indi, bu agzybirligiň çägini hasam giňeldeli we şäheriň ýaşaýjylaryny alalyň: eger olaryň arasynda has berk ylalaşyk baglanyşyklary ýola goýulsa, hat-da gysga wagtyň içinde-de olar näderejede öňe giderler we nähili güýç görkezerler!
Eger agzybirlik aýlawy hasam giňelse, eger ýurdyň ähli raýatlary ýüreklerini parahatçylyga gönükdirseler, çyn ýürekden we jany bilen birek-birege kömek etmek we sazlaşykda ýaşamak isleseler, eger olar hoşniýetlilik we birek-birege söýgi duýsalar, ýurt ölmez-ýitmez şatlygyň mekanyna öwrüler we ebedi şöhrat gazanar. Onda parahatçylyk höküm sürer, bol-elinlik we beýik rowaçlyk geler”.