Türkmenistanda Bahai Dini ilkinji gezek geçen asyryň başynda ornaşdy. Häzirki gün tutuş ýurt boýunça köpelýän adamlaryň sany Hezreti Bahaullanyň taglymatynda ylham we ýolbaşçylyk tapýarlar. Bahai jemgyýetiniň agzalary, jemgyýetiň gülläp ösmegine we özgermegine ýardam bermek üçin dostlary we goňşulary bilen bilelikde zähmet çekýärler.
Bu maksat bilen olar Hezreti Bahaullanyň Taglymatyny bilelikde öwrenýärler we jemgyýetiň abadançylygyna goşant goşmaga mümkinçilik berjek bilimleri, ruhy düşünjäni we başarnyklary ösdürmäge jan edýärler. Olar dürli ruhy we jemgyýetçilik mowzuklary bilen baglanyşykly düşünjeleri ara alyp maslahatlaşýarlar we öz gündelik durmuşlarynda olary nähili ulanyp boljakdygyna seredýärler. Adamkärçilikli ähliumumy dini we umumy ynsanyýet ýörelgelerine daýanmak bilen, olar, güýçlerini daş töwereginde we umuman jemgyýetde birligi we sazlaşygy ösdürmäge gönükdirýärler. Netijede, olar durmuşyň maksadyna we manysyna täzeçe düşünýärler, maşgalada we dostlary bilen gatnaşyklarynyň gowulaşýandygyny duýýarlar hem-de olaryň her biriniň giň jemgyýete goşup biljek goşandyny netijeli gözden geçirýärler.
Bu tagallalaryň hemmesi adamzadyň birligi, ähliumumy bilimiň zerurlygy, ylym bilen diniň sazlaşygy, aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygy we dürli görnüşdäki ters düşünjeleri ýok etmek ýaly ýörelgelerden ylhamlanandyr.