TÜRKMENISTANDA BAHAI DININIŇ
TARYHY

1882-nji ýylda Türkmenistanyň çägindäki Aşgabat şäherinde Persiýadan göçüp gelen ilkinji bahailar mesgen tutdylar. Bahai Dinini Esaslandyryjysy – Pygamber Hezreti Bahaullanyň hut Özi, göçüp barmak üçin saýlanan ýeri makullady. 1890-njy ýyla çenli göçüp gelenleriň sany müň adama ýetdi – bu ýaş Aşgabadyň ilatynyň takmynan 10 göterimidi.

1895-nji ýylda Aşgabatda ilkinji Ýerli Ruhy Ýygnagyň (şäher derejesindäki Diniň dolandyryş organynyň) saýlawlary geçirildi. Bahai jemgyýeti “Gündogaryň Güneşi”atly Aziýadaky ilkinji bahai žurnalyny neşir etýärdi. Dürli dinlere uýýan adamlaryň arasynda özara düşünişmegi ýola goýmaga, olaryň işjeňligini jemgyýetçilik we ynsanperwerlik işlerine gönükdirmäge tagalla edýän bahai ýaşlar toparlary döredilipdi. Beýleki bahai merkezlerinde bolşy ýaly, Aşgabatdaky ýygnaklarda hem dürli milletleriň wekilleri açyk dini diskussiýalara gatnaşyp bilýärdiler. Bahailaryň birlige bolan ymtylmasy, ýaşaýan jemgyýetiniň däp-dessurlaryna uly hormat goýmaklarynda we ýerli ilat bilen hoşniýetli gatnaşyklary saklamaklarynda has hem duýulýardy.

Jemgyýetiň ýygnaklar zalynda duşuşygy

Jemgyýetiň ýygnaklar zalynda duşuşygy

Aşgabadyň jemgyýeti şeýle bir üstünlikli ösüpdi welin, tiz wagtdan bahai ylmy pikir merkezleriniň birine öwrüldi. Onuň agzalarynyň arasynda köp sanly meşhur adamlar, şol sanda 1889-1894-nji ýyllar aralygynda Aşgabatda ýaşap geçen meşhur alym Mirza Abul-Fazl Gulpaýgani-da bardy.

1902-nji ýylda Hezreti Abdul-Baha Aşgabatda Ybadat Öýüni gurmagy buýurdy. Häli XIX asyryň 80-nji ýyllarynda bahailar Ybadat Öýüni gurmak üçin ýer satyn alypdylar. Hezreti Abdul-Baha Ybadat Öýüniň taslamasyny tassyklaýar, rus binagäri Wolkow bolsa taslamanyň tehniki çyzgylaryny taýýar edýär. Alnyp barylýan işler gutarmazyndan has öň, 1907-nji ýyldan Ybadat Öýünde her hepde doga-dilegler okalýardy we bahai baýramçylyklary bellenilip geçilýärdi.

Aşgabat ş. Ybadat Öýüniň esasynyň tutulmagy

Ybadat Öýüniň gurluşygy

ХХ –nji asyryň 20-nji ýyllarynyň başyna Aşgabadyň bahai jemgyýeti sosial ösüşiň ýokary derejesine ýetdi. 1918-nji ýyla çenli Aşgabatda dünýädäki ilkinji Bahai Ybadat Öýüniň gurluşygy tamamlandy. Jemgyýetiň eýeçiliginde ýygnaklar üçin zal, zyýaratçylar üçin jaý, hassahana, gonamçylyk, kitaphana we okalýan otag bardy; oglanlar we gyzlar üçin iki mekdep we iki çagalar bagy hereket edýärdi.

Ybadat Öýi Aşgabat ş.

Ybadat Öýüniň içki bezegi

Dürli dini ynanja eýerýän çagalar üçin açyk bolan bahai mekdepleri, gyzlara we oglanlara deň derejede bilim almaga mümkinçilik berýärdi, bu bolsa, sebitdäki umumy bilim derejesini ep-esli ýokarlandyrýardy. Şol döwürde sowatly erkekler ýerli ilatyň bary-ýogy on bäş göterimini düzýärdi, aýallaryň arasynda bolsa okap we ýazyp bilýänleri ýok diýen ýalydy. Muňa garamazdan bahai jemgyýeti ähli agzalarynyň deň derejede sowatly bolmagyny gazanypdy. Birek-birege kömek etmek, bilimleri we başarnyklary ýaýratmak, iň esasysy, gulluk etmek ruhunda ynsaply zähmet çekmek – jemgyýetiň agzalaryna eýýäm şol ýyllarda, garyplygy doly diýen ýaly ýeňip geçmäge mümkinçilik berdi.

Gyzlaryň mekdebi, 1925 ý.

Oglanlaryň mekdebi, 1925 ý.

Sowet häkimiýetiniň Merkezi Aziýa gelen ilkinji ýyllarynda bahailar erkinlikden peýdalanypdyrlar. Eýýäm şol wagtlarda Din diňe pars jemgyýeti bilen çäklenmän, eýsem dürli milletleriň wekillerini-de özüne çekdi. Ýöne birnäçe ýyldan soň, beýleki dinlere uýýanlar ýaly, bahailar hem kommunistik hökümeti tarapyndan yzarlanmalara sezewar boldylar we birnäçe onýyllyklaryň dowamynda Türkmenistanyň çägindäki bahai jemgyýetiniň öz işini amala aşyrmaga mümkinçiligi bolmady.

Aşgabatdaky Ybadat Öýi 1938-nji ýylda häkimiýet tarapyndan konfisklendi. On ýyllaryň dowamynda onuň içinde muzeý ýerleşdirildi. 1948-nji ýylda weýran ediji ýer titremesi ybadathananyň binasyna bölekleýin zeper ýetirdi, emma gümmezli binanyň merkezi silindri aman galyp, tutuş şäherde ýykylman galan birnäçe binalaryň birine öwrüldi. 1963-nji ýylda ony beýleki dini binalar ýaly ýykdylar.

Türkmenistanyň bahai jemgyýeti 1990-njy ýyllaryň başynda resmi hasaba alynmagy bilen, ýaňadan öz işini amala aşyrmaga mümkinçilik aldy.

Türkmenistanyň bahai jemgyýetiniň 3-nji Milli Gurultaýy, 26-28 aprel 1996 ý., Pöwrize