BIZ BARADA
Türkmenistanyň bahai jemgyýeti – Hezreti Bahaullanyň adamzadyň birligi baradaky görüşinden ruhlanan we maşgaladan başlap has giň jemgyýete çenli ähli derejelerde bu birlige ýetmegi öwrenýän Türkmenistanyň raýatlarynyň jemgyýetidir. Biz, jemgyýetdäki birlik, onuň maddy we ruhy ösüşi, jemgyýetiň her bir agzasynynyň aňly goşandyna baglydyr diýen gözýetime eýerýäris. Şol sebäpli jemgyýetde birlik baradaky düşünjäni durmuşa geçirmek üçin biz dostlarymyz we goňşularymyz bilen bilelikde zähmet çekýäris. Bahai jemgyýetiň düzümi, Türkmenistanyň ilatynyň taryhy dürlüligini görkezýär we dürli medeniýetleriň we nesilleriň wekillerini öz içine alýar. Olaryň maksady – öz ýurdunyň bähbidine gulluk etmek, onuň özgermegine we gülläp ösmegine ýardam bermekdir.
TÜRKMENISTANDA BAHAI DININIŇ TARYHY
1882-nji ýylda Türkmenistanyň çägindäki Aşgabat şäherinde Persiýadan göçüp gelen ilkinji bahailar mesgen tutdylar. Bahai Dinini Esaslandyryjysy – Pygamber Hezreti Bahaullanyň hut Özi, göçüp barmak üçin saýlanan ýeri makullady. 1890-njy ýyla çenli göçüp gelenleriň sany müň adama ýetdi – bu ýaş Aşgabadyň ilatynyň takmynan 10 göterimidi.
Goşmaça
BAHAI JEMGYÝETI BU GÜN
Türkmenistanda Bahai Dini ilkinji gezek geçen asyryň başynda ornaşdy. Häzirki gün tutuş ýurt boýunça köpelýän adamlaryň sany Hezreti Bahaullanyň taglymatynda ylham we ýolbaşçylyk tapýarlar. Bahai jemgyýetiniň agzalary, jemgyýetiň gülläp ösmegine we özgermegine ýardam bermek üçin dostlary we goňşulary bilen bilelikde zähmet çekýärler.
TÜRKMENISTANYŇ BAHAI JEMGYÝETINIŇ TAGALLALARY
Abdul-Bahanyň aşakdaky sözlerinde beýan edilişi ýaly, Tükmenistanyň bahailary öz ýaşaýan ýurdynyň birligine, ahlak we maddy taýdan ösmegine ýardam bermekligi öz maksatlary hasaplaýarlar:
"Maşgalada agzybirlik höküm sürse, işleriň nähili aňsat gidýändigine üns beriň; bu maşgalanyň agzalary nähili üstünlikleri gazanýarlar, durmuşda nähili gülläp ösýärler. Olaryň işleri doly düzgün-tertipli, olar rahatlykdan we asudalykdan lezzet alýarlar, olar howpsuzlykda, olaryň ýagdaýy ygtybarly we töweregindäkileriň hemmesi olara gözi gidýär. "
Goşmaça